Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz hökümeti “sary ýeňsizliler” gaharyndan soň uly salgyt kemeltmesini planlaşdyrýar


Fransiýanyň maliýe ministri Bruno Le Maire
Fransiýanyň maliýe ministri Bruno Le Maire

Fransuz hökümeti özüniň 2020-nji ýyldaky býujetinde uly salgyt kemeltmesini teklip etdi. Bu çäre şu ýyl şäherleriň köçelerinde “sary çeňsizliler” tarapyndan bildirilen jemgyýetçilik gahar-gazabyny gowşatmak umydy bilen görülýär.

Fransiýanyň maliýe ministri Bruno Le Maire 26-njy sentýabrda protestler netijesinde dörän “sosial krizis”, şeýle-de global ykdysady ösüşiň haýallamagy “bizi inwestisiýany we sarp edijiligi höweslendirjek kararlary kabul etmäge iterdi” diýdi.

Býujetiň taslamasy resmi ýagdaýda hökümete 27-nji sentýabrda hödürlenýär. Onda öý hojalyklaryna salynýan salgytlar 9.3 milliard ýewro (10 milliard dollar), bizneslere salynýan salgytlar 1 milliard ýewrodan gowrak kemeldiler.

Le Maire Germaniýany hem öz ykdysadyýetine itergi berjek we Kontinentiň has beter ykdysady agyry-ynjydan sowulmagyna kömek etjek çäreleri görmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG