Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda tussag edilen täjik aktiwistine ekstradisiýa edilmek garaşýar


Farhod Odinaýew

Täjigistanyň talaby esasynda Belarusda saklanan täjik aktiwisti Duşenbä iberilip bilner diýip, Belrusyň adam hukuklaryny goraýan “Human Constanta” topary Azatlyk radiosyna aýtdy.

Toparyň wekili Nasta Loýkanyň 26-njy sentýabrda aýtmagyna görä, häkimiýetler rus we täjik raýatlygy bolan Farhod Odinaýewi belarus-polýak serhet geçelgesiniň gapdalynda bir gün öň tussag etdiler.

Loýkanyň maglumatyna görä, täjik häkimiýetleri Odinaýewi hamala gadagan edilen topara agza bolandygy üçin gözleýärler.

42 ýaşyndaky oppozisiýa aktiwisti ozal Täjigistanyň gadagan edilen Yslam täzeden döreýiş partiýasynyň agzasydy we 2013-nji ýylda birnäçe aý Moskwada ýerleşýän oppozision telewision kanaly, Safo TW-äni alyp bardy.

Bu telekanal şol ýyl rus häkimiýetleri tarapyndan ýapyldy.

Täjigistanyň Yslam täzeden döreýiş partiýasynyň bosgunlykdaky wekilleri Odinaýewiň ÝHHG-niň Warşawada geçirýän adam hukuklary maslahatyna gatnaşmak üçin Polşa wiza alandygyny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG