Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek sudy tanymal alymyň 'dönüklik' hökümini ýatyrdy


 Andreý Kubatin
Andreý Kubatin

Özbek sudy tanymal alym, gündogary öwreniji Andreý Kubatine garşy çykarylan dönüklik hökümini ýatyrmak kararyna geldi.

Daşkendiň regional sudunyň 26-njy sentýabrdaky karary esasynda Kubatin türmeden boşadyldy.

Tanymal türkolog we taryhçy, onlarça dil boýunça ekspert, Merkezi Aziýa taryhy, gadymy uýgur golýazmalary boýunça bilermen bolan Kubatin 2017-nji ýylda, Özbegistana sapar etmegi planlaşdyrýan syýahatçylar üçin syýahat gollanmasyny çap etjek türk kompaniýasyna taryhy ýazgylaryň göçürmesini berendigi üçin 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Kubatiniň türme möhleti 2018-nji ýylda gysgaldylyp, 5 ýyla getirildi.

Dürli ýurtlardan bolan 50 töweregi alym özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Kubatini azat etmäge çagyrýan petisiýa gol çekdi.

Mart aýynda Kubatiniň aýal dogany Klara Sakharowa Mirziýoýewe ýüzlenip, onuň boşadylmagyny sorap, wideo çap etdi. Wideo ýüzlenmede alymyň tussaglykda fiziki we ahlak basyşyna sezewar edilýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG