Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti baýramçylygyň öňünden täze bellenen britan ilçisini kabul etdi


Hýu Stenli Filpott
Hýu Stenli Filpott

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy sentýabrda Britaniýanyň Türkmenistandaky iliçisi wezipesine täzelikde bellenen Hýu Stenli Filpotty kabul etdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, ilçi şa aýal Ýelizaweta II we premýer-minsitr Boris Jonsonyň salamyny getirdi we döwlet baştutanyny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady.

Şeýle-de neşir, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda gelejegi bar ugurlar hökmünde söwda-ykdysady, energiýa, aragatnaşyk we kommunikasiýa, oba hojalygy we gurluşyk pudaklarynyň agzalandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG