Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda jaýlaryň girelgelerindäki kondisionerler köpçülikleýin aýrylýar


Aşgabatda split sistemaly kondisionerleri söküp aýyrýarlar.
Aşgabatda split sistemaly kondisionerleri söküp aýyrýarlar.

Aşgabat şäher häkimliginiň işgärleri köp gatly jaýlaryň girelgelerinde oturdylan split sistemaly kondisionerleri (sowadyjylary) köpçülikleýin aýryp başladylar diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Häkimligiň işgärleri girelgelerde ýerleşdirilen kondisionerleri söküp başladylar. Olar bu çäräni köpçülikleýin amala aşyrýarlar. Hatda häkimligiň işgärleri ýaşaýjylar öýlerinde ýok mahaly hem, olaryň girelgelerdäki sowadyjylaryny aýyrýarlar ýa-da olaryň liniýalaryny, turbalaryny kesýärler. Bir adam öýüne gelende, kondisioneriniň işlemeýändigini bilip galýar. Şondan soňra ol girelgedäki sowadyjydan öýüne çekilen liniýanyň kesilendigini görýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 27-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, mundan üç ýyl çemesi ozal Aşgabadyň häkimiýetleri etrapçalardaky köp gatly jaýlaryň penjirelerinde ýa-da diwarlarynda oturdylan kondisionerleri köpçülikleýin söküp aýyrdylar. Şondan soňra ýaşaýjylar olary girelgeleriň dürli gatlaryna oturdypdylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy häzirki wagt ýaşaýjylaryň indi ikinji gezek oturdylan ýerinden sökülip aýrylan kondisionerleri nirede goýjaklaryny bilmän, aljyraňňy we çykgynsyz ýagdaýdadyklaryny aýdýar.

“Häkimligiň işgärleri eger jaýyň girelgesi köçe tarapda bolmasa, onda sowadyjylary aýyrmaýarlar. Ýöne Aşgabatda köp gatly jaýlaryň tas ählisiniň diýen ýaly girelgeleri köçe tarapda ýerleşýär. Şol sebäpli ýaşaýjylar ilkibada rugsat berlen ýerinden ikinji gezek sökülen kondisionerlerini näme etjegi bilmeýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçynyň sözlerine görä, häkimligiň işgärleri kondisionerleriň ýene köpçülikleýin sökülmeginiň sebäplerini düşündirmeýärler. Olar diňe “Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewiň bu barada görkezme berendigini” aýtmak bilen çäklenýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Aşgabat şäher häkimliginden kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Aşgabatda köp gatly jaýlaryň penjireleriniň we eýwanlarynyň gapdalynda ýerleşdirilen kondisionerleri söküp aýyrmak çäresi 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňýanynda güýçli depginde alnyp barlypdy.

Şonda ýaşaýjylaryň aglabasy split sistemaly kondisionerlerini köp gatly jaýlaryň girelgelerine oturtdylar. Bu çäräniň dowamynda Aşgabadyň häkimiýetleri ýaşaýjylaryň kondisionerleri girelgelere oturtmagyna aç-açan garşylyk görkezmediler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi tomus aýlarynda howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan hem aşýan Aşgabatda jaýlaryň girelgelerindäki tas ähli gatlarda oturdylan kondisionerlerden çykýan howurdan ýaňa öýlere pyýada çykyp-düşüp bolmaýandygyny aýdypdylar.

Şeýle-de, olar ilatyň “çykalga” diýip saýlap alýan jaý girelgelerindäki split sistemalarynyň ýangyn howpludygyny, ýöne bu zatlara ýangyn howpsuzlyk gulluklary tarapyndan gözegçilik edilmeýändigini belläpdiler.

Aşgabatly synçylaryň käbiri döwlet tarapyndan bu meselä üns berilmeginiň, ýagny split sistemaly kondisionerleriň girelgelerden aýrylmagynyň gowudygyny, ýöne muňa derek ýaşaýjylara goşmaça çykalganyň döredilmelidigini aýdýar.

“Girelgelerdäki kondisionerleri aýyranyň bilen mesele çözülmeýär. Sebäbi gyş pasly ýetip gelýär. Adamlaryň köpüsi ýylanmak üçin split sistemaly kondisionerlerden peýdalanýardylar. Yene 8-10 aýdanam tomsuň jokrama yssysy ýetip geler. Indi olar näme etmeli? Howpsuzlyk ýa-da beýleki sebäpler nazara alnyp bu kondisionerler aýyrdylýan bolsa, ilatyň aladasy hem edilýän bolsa, onda ony jaýyň başga ýerinde oturtmaga mümkinçilik döredilmeli ýa-da tomusda we gyşda ilatyň sowukdan hem-de yssydan kösenmezligi üçin başga çykalga tapylmaly” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatly synçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG