Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganlar partlama habarlary astynda prezident saýlawlarynda ses berýärler


barlag nokadynda duran howpsuzlyk i\gqrleri. Jalalabad, 27-nji sentvabr, 2019.
barlag nokadynda duran howpsuzlyk i\gqrleri. Jalalabad, 27-nji sentvabr, 2019.

Owganlar, “Talyban” hüjümlerinden we öňki saýlawlarda mahsus bolan saýlaw galplyklaryndan gorky arasynda, uzak wagt gijä goýlan prezident saýlawlarynda ses berýärler.

"Ses berişlik bütin ýurtda başlandy, biz adamlaryň saýlaw uçastoklaryna uzyn hatarlara düzülip, eýýäm ses bermäge garaşýandyklaryna begenýäris” diýip, Saýlaw komissiýasynyň sözçüsi Zabi Sadaat 28-nji sentýabrda AFP habar gullugyna aýtdy.

Saýlawlarda on bäş kandidat bäsleşýär, emma bäsleşik esasan iki kandidatyň, iş başyndaky prezident, ikinji möhlete saýlanmakçy bolýan Aşraf Gani bilen baş ýerine ýetiriji ofiser Abdulla Abdullanyň arasynda boljaga meňzeýär.

Saýlawlaryň başlanmagy bilen, gündogardaky şäher Kandaharyň resmileri ses beriş merkezi hökmünde ulanylýan metjitde partlama bolandygyny, 15 adamyň ýaralanandygyny, olaryň üçüsiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdylar.

Ýurduň käbir ýerinde raketalaryň hem atylandygy aýdylýar, emma saýlaw nokatlarynyň nyşana alnandygy bada-bat belli bolmady.

Şeýle-de, “Roýtersiň” resmilere salgylanyp habar bermegine görä, Owganystanyň Kabul, Gazni we Jalalabad şäherlerinde partlamalar boldy.

Biraz soňra pitneşiçileriň demirgazykdaky Gunduz şäherini minomýot okuna tutandygy habar berildi.

Gunduz welaýatynyň geňeş agzasy Ghulam Rabani Rabani “Talyban” jeňçileriniň” şäheriň daşyndaky iki barlag nokadyna hüjüm edip, gaça uruş edendilerini aýtdy.

“Talybanyň” soňky hepdelerde ýygjamladan hüjümlerine jogap edip, hökümet uruşdan tozan we 35 million ilatly ýurtda häkimiýetiň owalda-ahyrda ikinji gezek demokratik geçişini üpjün etmek üçin, howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdi.

Ýurt boýunça 72 müň töweregi howpsuzlyk işgäriniň ir sagat 7-da açylan we agşam sagat 7-de ýapyljak saýlaw uçastoklaryndaky howpsuzlyk şertleriniň üpjün edilmegine gözegçilik etmegine garaşylýar.

Jeňçi hüjümleri wehimi sebäpli 7 müň saýlaw uçastogyndan 2 müň gowragy ýapylar. Geçmişde “Talyban” saýlaw merkezlerini bombalady we saýlawçylary nyşana aldy, soňky hepdelerde bolsa, eger-de saýlawlar geçirilse, has kän gandöküşligiň boljakdygyny duýdurdy.

2001-nji ýylda “Talyban” häkimiýetden çetleşdirileli bäri geçirilýän dördünji prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin 9.6 million çemesi owganystanly hasaba alyndy.

70 ýaşyndaky Gani bilen 59 ýaşyndaky Abdulla, ABŞ-nyň 2014-nji ýyldaky galplyga ulaşan prezident saýlawlaryndan soňky araçylygy esasynda döredilen milli bitewilik hökümetine ýolbaşçylyk etdi, bu hökümet il içinde meşhurlyk gazanmakdan geçen, öz içinde hem böleklere bölündi.

Paştunlardan bolan Gani iň uly etniki topara wekilçilik edýär. Ol Günbatarda bilim alantehnokrat we maliýe ministri bolup işledi.

Bilimi boýunça göz doktory bolan Abdulla “Talybana” garşy Demirgazyk ýaranlygyň uly derejeli agzasy we ýurduň ikinji uly etniki topary bolan täjikleriň goldawyna daýanýar.

Beýleki ýokary derejeli kandidatlaryň arasynda aňtaw gullugynyň ozalky başlygy Rahmatullah Nabil we ýakasy gaýyşly uruş serkerdesi we jeňçi lideri bolan Gulbuddin Hekmatýar dagy bar.

XS
SM
MD
LG