Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýetginjek aktiwist Montrealda 500 müň protestçiniň öňüni çekdi


Ýetginjek klimat aktiwisti Greta Thunberg, Montreal
Ýetginjek klimat aktiwisti Greta Thunberg, Montreal

Ýetginjek klimat aktiwisti Greta Thunberg, klimat özgermesinden abanýan howp-hatlardan habardarlyk we dünýä liderlerini ýyladyşhana gazlaryny azaltmakda has kän tagalla etmäge çagyrmagyň çäginde, Montrealda 500 müň çemesi adamlyk protestiň öňüni çekdi.

16 ýaşyndaky şwed gyzy 27-nji sentýabrda hususy ýagdaýda kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau bilen hem duşuşdy, emma soňra metbugat ýygnagynda onuň global maýlama sebäp bolýan kömürturşy gazlary azaltmak boýunça ýeterlik tagalla etmeýändigini aýtdy.

"Meniň dünýäniň bar ýerindäki syýasatçylara aýdýanym şol bir zat. Diňe häzir iň elýeterli bolan ylmy maglumatlara gulak asyň we şolara görä hereket ediň” diýip, ol aýtdy.

Mekdepler, kolležler we uniwersitetler, okuwçylaryň ýerli halklaryň liderleri we milli syýasatçylar bilen bir hatarda ýörişe gatnaşyp bilmekleri üçin, okuw sapaklaryny goýbolsun kesdiler.

Ýetginjek aktiwist, klimat betbagtçylygynyň öňüni almak üçin gyssagly çäre görmäge çagyrmak bilen, protest hereketiniň global baýdak göterijisine öwrüldi.

"Şu hepde dünýäniň çar künjeginden gelen dünýä liderleri Nýu-Ýorkda toplandy, olar bizi öz boş sözleri we netijesiz planlary bilen ýene bir gezek lapykeç etdiler” diýip, ol BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşana liderleri nazarlap aýtdy.

XS
SM
MD
LG