Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň aklawçysy Ermenistanda Kremliň howandarlygynda geçýän çärä gatnaşmagyny goýbolsun etdi


 Rudi Juliani
Rudi Juliani

Trampyň hususy aklawçysy Rudi Juliani Ermenistanda Kremliň howandarlygynda geçirilýän çärä gatnaşmagyny garaşylmadyk ýerden, birden goýbolsun etdi. Bu çärä rus prezidenti Wladimir Putiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

“The Washington Post” 27-nji sentýabrda prezident Donald Trampyň ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen eden telefon gürrüňindäki esasy gapma-garşylykly şahs bolan Julianiniň telefon söhbetdeşliginde bu konferensiýada guralýan diskussiýa gatnaşmagy planlaşdyrýandygyny tassyklandygyny habar berdi.

Emma gazetiň onuň Ermenistandaky çärä gatnaşýandygy baradaky habaryndan soň, Juliani öz kararyny yzyna aldy we oňa gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Ol gazete özüniň ol ýere Putiniň hem barýandygyny bilmändigini aýtdy. Julianiniň sözlerine görä, ol bu forumyň web-saýtyny görmändir we oňa gatnaşjaklardan habarsyz bolupdyr.

“Men Ermenistandaky howpsuzlyk konferensiýasyna barýandyryn öýdüpdirin” diýip, ol aýtdy.

Ak tam we Döwlet departamenti bu waka barada düşündiriş bermekden boýun gaçyrdy.

XS
SM
MD
LG