Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-ny ministri Nýu-Ýorkda hassa diplomaty soramaga goýbermändigi üçin tankytlaýar


Eýranyň BMG-däki ilçi Majid Takht Rawançi
Eýranyň BMG-däki ilçi Majid Takht Rawançi

Eýran Birleşen Ştatlary öz daşary işler ministrine, Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşýan mahalynda, şäherdäki hassahanda bejergi alýan eýran diplomatyny sorap gaýtmaga rugsat bermändigi üçin tankyt etdi.

ABŞ häkimiýetleri Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarife Nýu-Ýorkuň diňe alty blogynyň çäginde galmak çäklendirmesini girizdiler.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti, eger-de Eýran “ýalňyşlykda tussag edilen” ABŞ raýatlaryny azat etse, özüniň Zarife BMG-däki ilçi Majid Takht Rawançi görmäge rugsat berjekdigini aýtdy.

Rawançi häzir Nýu-Ýorkdaky hassahanada düwnük keselinden bejergi alýar.

Resmi IRNA habar gaentligi 28-nji sentýabrda daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Araghçä salgylanyp, onuň Waşington ynsanperwerlik meselelerini syýasy işler üçin “zamun” aldy diýendigini aýtdy.

Bu gapma-garşylyk Tähran bilen Waşingtonyň arasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň bir ýyl ozal bir taraply ýagdaýda Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykmagy zerarly dörän dartgynlyklaryň çäginde güýçlenýär.

XS
SM
MD
LG