Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus oppozisiýasy Moskwada müňlerçe adamyň gatnaşmagynda repressiýa garşy protest geçirýär


Moskwa. Rus protestçiýi "Ýer her bir adama dahylly" diýen şygary göterip dur.

Kremliň opponentleri Moskwada, rus paýtagtyny gaplap alan we häkimiýet güýçleriniň zorlukly basyp ýatyrmalaryna yçran tomusky protestlerden soň, ara düşen böwşeňligi daraldyp, uly demonstrasiýa geçirýär.

29-njy sentýabrda geçirilýän ýygnanyşyga şäher häkimiýetleri rugsat berdi we hökümetden aýry Ak sanaw guramasynyň hasaplamalaryna görä, ýygnanyşygyň başynda oňa gatnaşýanlaryň sany 9 müň çemesi boldy.

Bu protest üç hepde ozal bolan we soňky bir onýyllyga golaý wagt içinde Orsýetde bolan hem-de hökümete garşy protestleriň yzygiderliligine itergi beren saýlawlardan bäri guralýan iň uly ýygnanyşyk bolar.

Prezident Wladimir Putiniň we onuň hökümetiniň garşydaşlary orsýetlileri “syýasy repressiýa” garşy protest bildirmäge, häkimiýetlerden Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň ýurduň çar künjegindäki edaralaryny nyşana alýan reýdler we tussag etmeler kampaniýasyny bes etmegi talap etmäge çagyrýarlar.

Şeýle-de demonstrasiýaçylar iýul we awgust aýlarynda polisiýanyň protestçileri basyp ýatyrmagy esasynda tussag edilen, deslapky tussaghanalarda saklanylýan, “Moskwa işi” diýilýän boýunça derňelýän adamlaryň azat edilmegine çagyrarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG