Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Ukraina bilen bagly impiçment derňewini “iň uly kezzaplyk” atlandyrýar


Wladimir Zelenskiý, Joe Baýden, Donald Tramp. Kollaž.
Wladimir Zelenskiý, Joe Baýden, Donald Tramp. Kollaž.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, hamala Ukraina berilmeli harby kömegi saklap, öz syýasy garşydaşynyň derňelmegi üçin Kiýewe basyş edendigi barada aýdylýanlar bilen bagly impiçment derňewini “amerikan syýasatynyň taryhyndaky iň uly kezzaplyk” diýip häsiýetlendirdi.

Tramp sosial mediada ýerleşdirilen 38 sekundlyk wideo beýanatynda şu hepdäniň başynda Wekiller öýünde impiçment derňewine başlan demokratlaryň “ähli zady almak isleýändigini” aýtdy.

Ol demokrtlar “siziň ýaraglaryňyzy, azatlygyňyzy eliňizden almak isleýär... men munuň amala aşmagyna hiç wagt ýol bermerin” diýdi.

Bu galmagalyň özeninde wistl-bloweriň, jürlewükçiniň ýa-da duýduryjynyň şu hepde çap edilen hasabaty ýatyr, onda Trampyň 25-nji iýulda telefonda ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen eden gürrüňleriniň jikme-jiklikleri açlylyp görkezilýär.

Telefon söhbetdeşligi wagtynda Tramp Zelenskiden prezidentlige kandidat, demokrat we ozalky wise-prezident Joe Baýdeni, onuň ogly, Ukrainadaky bir energiýa kompaniýasynyň geňeş agzasy bolan Hanteri derňemäge kömek soraýar.

Respublikan Tramp bu telefon gürrüňinden öň birden Kiýewe berilmeli 400 million çemesi harby kömegi togtatdy.

XS
SM
MD
LG