Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň $30 müňlük baş baýragyny Berdimuhamedowyň aty aldy


 $30 müň alan Dorgunan.
$30 müň alan Dorgunan.

28-nji sentýabrda Aşgabatdaky halkara atçylyk toplumynda Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan at çapyşyk gurnalyp, oňa prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem tomaşa etmäge bardy.

At çapyşygyň öňünden dürli tomaşalar gurnaldy, çärälere gatnaşyjylar prezidenti "Arkadaga şöhrat!" diýip garşyladylar, bagşy Jemal Saňparowa prezidente bagyşlanan täze aýdymy ýerine ýetirdi.

Dürli aralyga ýedi çapyşyk geçirildi. Başdaky alty çapyşykda aty çykanlara $15 müňden baýrak berildi, soňky – ýedinji çapyşykda aty çykan Türkmenistanyň prezidentiniň baş baýragy - $30 müň bilen sylaglandy.

Baýrak alan çapyksuwarlar baýraklaryny maňlaýlaryna sylyp, baş egip, prezidente alkyş aýtdylar.

Bellemeli ýeri, baýrak alan atlaryň dördüsi prezidentiň athanasyna degişli boldy.

Baýramçylyk at çapyşygynda jemi 120 müň dollar möçberinde baýrak berildi.

XS
SM
MD
LG