Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud şazadasy Eýran dartgynlylyklarynyň öňi alynmasa, nebit bahalarynyň ýokarlanjakdygyny duýdurýar


Saud Arabystanyň täç geýdirilen şazadasy Mohammad bin Salman e
Saud Arabystanyň täç geýdirilen şazadasy Mohammad bin Salman e

Saud Arabystanyň täç geýdirilen şazadasy Mohammad bin Salman eger-de halkara jemgyýetçiligi Eýrana babatynda “berk we ygtybarly” durmasa, onda dartgynlylyklaryň has hem ýitileşjekdigini, şeýle-de dünýä nebit nyrhlarynyň “göz öňüne getirip bolmajak derejede” ýokarlanjakdygyny aýtdy.

“Eger-de dünýä Eýrany saklamak üçin berk we ygtybarly çäre görmese, dartgynlylyklar has hem ýitileşip, bu dünýäniň bähbitlerine garşy bolar” diýip, täç geýdirilen şazada ABŞ-nyň “60 minut” atly gepleşigine beren interwýusynyň dowamynda aýtdy.

Interwýu 29-njy sentýabrda, saudlaryň nebit desgalaryna edilen hüjümden 15 gün soňra efire berildi.

Saud Arabystanynyň de facto, ýagny iş ýüzündäki lideri hüjümleri “uruş akty” diýip atlandyrdy.

Saud Arabystany we ABŞ 14-nji sentýabrdaky edilen hüjümleriň araksynda durmakda Eýrany aýypladylar. Fransiýa, Germaniýa we Britaniýa hem Tährany hüjümleri amala aşyrmakda aýypladylar.

Eýran muňa ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar. Şol bir wagta, Ýemendäki Huthi jeňçileri hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldylar.

XS
SM
MD
LG