Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Floridada adam öldürmekde aýyplanýan ABŞ-nyň esgeri ukrain türmesinden boşadyldy


ABŞ-nyň harby weterany Kraig Lang özüniň ukrainaly gelni Anna Osipowiç bilen Kiýewde. (arhiw suraty)

ABŞ-nyň Florida ştatynda iki adamy öldürendigi üçin gözlenilýän Birleşen Ştatlaryň ozalky esgeri ukrain türmesinden boşadylyp, öý tussaglygyna ýerleşdirildi.

Häzirlikçe ABŞ-nyň onuň ekstradisiýa edilmegi boýunça tagalla edip-etmejekdigi nämälim.

Kraig Lang Ukrainanyň sagçy ýarym-harby toparynyň hatarynda söweşipdi, şeýle-de ol 2018-nji ýylda Floridada adam öldürmekde ilteşigi bolan ABŞ-nyň ozalky iki harby weteranynyň biridir.

Langyň aklawçysy öz müşderisiniň 28-nji sentýabrda tussaglykdan goýberilendigi we öý tussaglygyna ýerleşdirilendigi barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Aklawçy Ukrainada Langa jenaýat aýyplamalarynyň bildirilmeýändigini aýtdy.

Langyň ukrainaly gelni Azatlyk Radiosyna öý tussaglygynyň 60 gün dowam etjekdigini aýtdy.

Aklawçy Langyň ekstradisiýa edilmegi boýunça ABŞ-dan resmi haýyşyň bolup-bolmandygy dogrusynda düşünişmezligiň bolandygyny aýtdy. Ol ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasyndan aýyplama dokumentleriniň gelendigini, emma olaryň ukrainça terjime edilmändigini belledi.

ABŞ-nyň Floridadaky etrap sudunyň çykaran jenaýat arzasyna laýyklykda, Lang we ABŞ-nyň ýene bir ozalky esgeri Floridanyň Estero şäherinde bir jübüti talamakda aýyplanýarlar. Olar muny Wenezuela gidip, ol ýerde hökümete garşy göreşýän toparyň hatarynda söweşmek üçin maliýe ýygnamak maksady bilen edipdirler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG