Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary welaýat çagalar hassahanasyna ýiti içagyry bilen kesellän çagalar köp getirilip başlandy


Mary welaýat çagalar hassahanasy. Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we deman senagaty ministrliginiň resmi saýtyndan alnan surat.
Mary welaýat çagalar hassahanasy. Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we deman senagaty ministrliginiň resmi saýtyndan alnan surat.

Mary welaýat çagalar hassahanasyna ýiti içagyry bilen kesellän çagalar köp getirilip başlandy diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 30-njy sentýabrda habar berdi.

“Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän çagalaryň hassahanasyna içagyryly çagalar köp getirilýär. Ene-atalar çagalaryň ýiti diareýa bilen keselhanalara düşmegini gök önümlerden görýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, çagalar baglaryna hili pes gök önümleriň getirilmegi içagyry keseliniň çagalarda köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna getirýär.

“Bazarlardan geçmän duran gök-önümleri has arzan bahadan satyn alyp, çagalar baglarynyň hojalyk üpjünçilerine paýlaýarlar” diýip habarçy aýtdy.

Habarçy Maryda gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlar bilen geçiren gürrüňdeşliklerine salgylanyp, soňky döwürlerde öndürilýän gök ekinleriň diňe mineral dökünleriň kömegi bilen ösdürilip ýetişdirilýändigini aýdýar.

“Olar öz harytlaryny has gymmat satjak bolup, ekinleri gereginden artyk azot we şuňa meňzeş dökünler bilen iýmitlendirýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Mary welaýat çagalar hassahanasy soňky döwürlerde çagalaryň arasynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolýan içagyry keseliniň mümkin bolan sebäpleri barada resmi düşündiriş bilen çykyş etmedi.

Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüňdeş bolan oba hojalyk hünärmenleriniň sözlerine salgylanyp, Maryda ýerleşýän himiýa senagatyna degişli kärhanalaryň regionda oba hojalyk ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegine ýaramaz täsiriniň bardygyny aýdýar.

Mary welaýatynda häzirki wagtda himiýa senagatyna degişli beýleki senagat kärhanalary bilen bir hatarda “Maryazot” önümçilik birleşigi, “Marykarbamid” zawody hem-de Mary şäherinde ýerleşýän ammiak öndürmäge ukyply gazhimiýa toplumy bar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu önümçilik kärhanalaryň ekerançylyk önümleriniň saglykly ösdürilip ýetişdirilmegine ýetirýän täsiri boýunça oba hojalyk hünärmenleri bilen geçiren söhbetdeşliginden soň, bularyň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri bilen bagly ýerli lukmanlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş boldy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde habarçy bilen gürrüňdeş bolan lukmanlaryň aýtmagyna görä, çagalar baglarynda sarp edilýän gök-bakja önümleriniň diňe mineral dökünleriň hasabyna ösdürilip ýetişdirilmegi bilen soňky wagtlarda çagalaryň arasynda köpçülikleýin häsiýetde ýüze çykýan ýiti içagyry keseliniň arasynda berk arabaglanyşyk bar.

“Lukmanlar çagalaryň köpüsiniň ýiti diareýa bilen kesellemegine ýokarda agzalan zatlaryň sebäp bolýandygyny belläp geçýärler” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Onda bar bolan maglumatlara görä, Maryda ýiti içagyry bilen keselleýän çagalar keselhanada ýatyp bejergi almaly bolýar, içgeçmä degişli "tabletkalar" olara täsir etmeýär.

Ýurduň saglyk resmileri Mary welaýatynda çagalaryň arasynda köpçülikleýin häsiýetde ýüze çykyp başlan kesel barada resmi beýanat bermeýärler.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýat çagalar hassahanasyndan agzalýan ýagdaýlar boýunça kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.

Türkmenistanda ilat arasynda köpçülikleýin häsiýetde döreýän keseller we olaryň mümkin bolan sebäpleri barada Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdelerinde maglumat berilmeýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Mary welaýat çagalar hassahanasy 2018-nji ýylyň iýulynda ulanylmaga berildi. Bu hassahana Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan adyndaky Gaznasynyň haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna guruldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG