Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda “Talybanyň” hüjüminde azyndan 11 polisiýa ofiseri öldürildi


Owganystanyň kartasy
Owganystanyň kartasy

Owganystanda “Talybanyň” ýurduň demirgazygyndaky Balh welaýatynyň etrap administrasiýasyna eden hüjüminde azyndan 11 polisiýa ofiseri öldürildi diýip, owgan resmileri maglumat berýärler.

Welaýat häkiminiň metbugat wekili Munir Ahmad Farhadyň beren maglumatyna görä, hüjüm 1-nji oktýabr güni irden Şordepe etrabynda amala aşyrylypdyr.

“Talybanyň” metbugat wekili jeňçileriň etraby basyp alandyklaryny aýdýar, emma Farhad bu öňe sürmäni ret edýär.

Owgan resmisi sebite goşmaça güýçleriň ugradylandygyny hem belledi.

XS
SM
MD
LG