Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistan onlarça owgan tussagyny Kabula gaýtardy


Täjik resmileri Owganystana 30-njy sentýabrda gaýtarylan tussaglaryň aglabasynyň neşe gaçakçylygy aýyplamasy esasynda tussaglyga höküm edilendigini aýtdylar.

Täjigistan ýurduň türmelerinde tussaglyk möhletini geçýän owgan raýatlarynyň 48-ni Kabula gaýtaryp berdi.

Täjik resmileri Owganystana 30-njy sentýabrda gaýtarylan tussaglaryň aglabasynyň neşe gaçakçylygy aýyplamasy esasynda tussaglyga höküm edilendigini aýtdylar.

Owganystanyň Duşenbedäki ilçihanasynyň resmisi Saidmasud Badakşyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Kabula gaýtarylan bendiler galan tussaglyk möhletlerini Owganystanyň düzediş edaralarynda çekmegini dowam ederler.

Badakş Täjigistanyň türmelerinde häzir ýene-de 70 owgan raýatynyň tussaglykda saklanýandygyny sözüne goşdy.

Mundan öň, owgan resmileri Kabulyň Owganystanda terrorizm aýyplamalary esasynda tussaglyga höküm edilen “ençeme täjik raýatynyň” yzyna gaýtarylandygyny aýdypdylar. Olaryň anyk sany mälim edilmändi.

Iýul aýynda Täjigistan ýurduň türmesinde saklanylýan 80 owgan raýatyny hem Kabula gaýtarypdy.

2010-njy ýylda Täjigistan we Owganystan ýurduň türmelerinde saklanylýan raýatlaryny çalyşmak baradaky ylalaşygy baglaşypdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG