Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da impiçment soragy boýunça powestkalaryň çykmagy bilen, Tramp özüniň agresiw çykyşlaryny dowam etdirýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-da Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller Öýüniň impiçment sorag edişligi boýunça ilerlemegi bilen, prezident Donald Tramp özüniň gowgaçy çykyşlaryny möwjetdi.

Tramp bu prosese ýolbaşçylyk edýän kaliforniýaly Demokrat Adam Şiffiň “dönüklik” diýip atlandyran kesgitlemesi bilen tussag edilmelidigini aýtdy.

Kongres derňewi habar berijiniň Trampyň syýasy garşydaşyny derňemek boýunça Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä basyş edendigi baradaky şikaýatyndan soň başlady.

Habar berijiniň şikaýatynda Trampyň 25-nji iýulda bolan telefon gürrüňinde ukrain prezidentine ozalky wise-prezident Joe Baýdeni we onuň Ukrainada gaz çykarýan kompaniýa bilen işleýän ogly Hanteri derňemek üçin basyş edendigi aýdylýar.

2020-nji ýylyň prezident saýlawlarynda Trampyň esasy bäsdeşleriniň biri bolmaly Demokrat kandidat Joe Baýdeniň Ukraina bilen baglylykda nähilidir bir bikanun iş edendigine delil ýok.

Wall Street Journal, Reuters we AP agentlikleriniň maglumatyna görä, 25-nji iýuldaky Tramp-Zelenskiý telefon söhbetdeşligine döwlet sekretary Maýk Pompeo hem gatnaşypdyr.

Söhbetdeşligiň öňüsyrasy ABŞ Ukraina berilmeli 400 million dollarlyk harby maliýe hemaýaty doňdurypdy.

Bu prezidentiň Kongres tarapyndan makullanan hemaýaty öz bähbidine söwdalaşmak üçin ulanandygy barada aladalary döretdi.

XS
SM
MD
LG