Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da impiçment soragy boýunça powestkalaryň çykmagy bilen, Tramp özüniň jenjelli çykyşlaryny artdyrdy


Amerikan prezidenti Donald Tramp
Amerikan prezidenti Donald Tramp

Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller öýi impiçment barlaglaryny dowam etdirýänligi sebäpli, amerikan prezidenti Donald Tramp özüniň jenjelli ritorikasyny artdyrdy.

30-njy sentýabrda Tramp barlag işleriniň gidişine ýolbaşçylyk edýän kaliforniýaly demokrat Adam Şif, belki, “dönüklikde” aýyplanyp, tussag astyna alynmalydyr diýdi.

Kongresiň barlaglary bir paş edijiniň Tramp öňki wise-prezident Joe Baýden barada derňew işlerini geçirmek boýunça ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskä basyş etdi diýen hasabatyndan soňra başlandy. Baýden geljek ýylky prezident saýlawynda demokratlaryň öňbaşçy kandidaty hasaplanýar.

Paş ediji şikaýatynda Tramp bilen Zelenskiniň arasynda 25-nji iýulda bolan telefon gepleşigine salgylanýar. Aýdylyşyna görä, Tramp bu gepleşikde özüniň ukrainaly kärdeşine Baýden bilen onuň ogly Hanter hakda derňew geçirmek boýunça basyş edipdir. Kakasy öňki prezident Barak Obamanyň administrasiýasynda işleýärkä, Hanter Ukrainanyň gaz kompaniýasynyň müdüriýet toparynyň agzasydy.

Baýdenleriň nädogry iş edendiklerini görkezýän subutnama ýok.

Wall Street Journal, Reuters we AP habar gulluklarynyň bildirmegine görä, 25-nji iýulda döwlet sekretary Maýk Pompeo-da Tramp bilen Zelenksiýniň söhbetdeşligine gatnaşypdyr.

Tramp-Zelenskiý telefon gepleşigi Ukraina harby kömek üçin göz öňünde tutulan 400 million dollary Birleşen Ştatlar saklanyndan soňra ýüze çykyp, prezident Kongres tarapyndan oňlanan puly öz şahsy bähbitleri üçin peýdalanmak isleýär diýen aladalara getirdi.

30-njy sentýabrda Tramp, görnüşine görä, Kongresiň aňtaw komitetiniň başlygy Adam Şifiň geçen hepde komitetiň diňlenişiginde eden beýanatyna salgylanyp, Twitterdäki hasabynda birnäçe ýazgy ýerleşdirdi.

Şif “bikanun ýagdaýda galp we aýylganç beýanat berip, olary hamala meniň tarapymdan, meniň ukrain prezidenti bilen eden gepleşigimiň möhüm bölegi ýaly edip, Kongrese we amerikan halkyna gaty ses bilen okap berdi. Onuň meniň telefonda eden gepleşigim bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Dönüklik sebäpli tutulmak?” diýlip, Trampyň tweetinde aýdylýar.

Bu ýazgydan soňra Tramp tarapyndan başga ýazgylar-da ýerleşdirildi. Prezident ol ýazgylarda paş edijini “meniň aýyplaýjym” diýip atlandyryp, onuň we “bu maglumatlary bikanun ýagdaýda oňa beren adam” bilen ýüzleşmek isleýändigini aýtdy.

Paş edijiniň kimdigi jemgyýetçilige mälim edilenok.

Impiçment derňewi bilen baglylykda üstümizdäki hepde Wekiller öýünde geçiriljek diňlenişiklerde şaýatlar, şol hatarda ABŞ-nyň Ukrainadaky öňki ilçisi Mari Ýowanowiç we Trampyň Ukraina baradaky ýörite wekili hökmünde öten hepde wezipeden çekilen Kurt Wolker dagy görkezme bererler.

30-njy sentýabrda Trampyň şahsy aklawçysy Rudy Guiliani Wekiller öýüne çagyrylyp, ondan prezident Baýdeni derňemek barada Zelenskä basyş etdi diýilýän gürrüňler bilen baglanyşykly dokumentleri tabşyrmak talap edildi.

Mundan başga-da, biznesmen Lew Parnas we emläk boýunça maýa goýumçy Igor Fruman hem çagyryldy. Mediada aýdylmagyna görä, bu ikisi Guiliani bilen Ukrainanyň ýokary derejeli syýasatçylarynyň tanyşmagyna ýol açypdyrlar.

Ýene bir çagyryş bolsa Semýon Kisline gitdi. Tramp bilen söwda ilteşiginde bolan bu ukrainaly immigrant ozal Guiliani Nýu-Ýorkyň meri wagtynda oňa işläpdi.

Bu aralykda, amerikan metbugatynyň habaryna görä, Birleşen Ştatlaryň baş prokurory William Bar daşary ýurtly aňtaw işgärlerinden ýörite geňeşçi Robert Muelleriň Orsýet baradaky derňewi hakda kömek sorapdyr. Muelleriň geçiren barlagynda Orsýet 2016-njy ýylky prezident saýlawlaryna garyşdy diýen netijä gelnipdi. Bu habary ýaýradan “CBS News” telekanaly bilen “Washington Post” gazeti.

Britaniýanyň aňtaw resmilerinden hem kömek soraldy. Geçen hepde Bar italiýan hökümetiniň resmileri bilen duşuşmak üçin, Italiýa sapar etdi. Şol bir wagtda Tramp-da Awstraliýanyň premýer-ministrinden we beýleki daşary ýurtly liderlerden Orsýet derňewi baradaky barlag hakda Bara kömek etmeklerini sorady.

Adalat departamentiň metbugat wekili Kerri Kupekiň AP habar gullugyna aýtmagyna görä, Tramp telefon gepleşiklerini Baryň haýyşy boýunça geçiripdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG