Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz häkimiýetleri tanymal žurnalistiň ölüminiň derňewini gaýtadan açýar 


Protestçi Alişer saipowyň portretini göterip dur. Arhiw suraty
Protestçi Alişer saipowyň portretini göterip dur. Arhiw suraty

Gyrgyz häkimiýetleri garaşsyz žurnalist Alişer Saipowyň janyna kast edilmeginiň derňewini gaýtadan açdy, ol 12 ýyl çemesi öň günortadaky Oş şäherinde atylyp öldürildi.

Saipowyň dogany Şohruh Saipow 3-nji oktýabrda AÝ/AR-a baş prokuroryň düýbi Kanadada ýerleşýän IFEX guramasyna, pikir aýtmak azatlygyny we adam hukuklaryny goraýan global gurama soňky beren jogaplarynda suduň awgust aýynyň aýagynda bu elhenç ganhorlyk boýunça derňewi gaýtadan açandygyny aýtdy diýdi.

“Elbetde, biz derňewiň gaýtadan açylanyna örän begendik. Meniň doganymy 12 ýyl öň çyny bilen öldürmek islän adamy tapmak mümkin däl ýaly görünýär... Emma biz meniň doganymyň janyna kast edilip öldürilmeginiň sebäbiniň kimdigi ýa nämedigi hakynda resmi maglumat almak isleýäris” diýip, Şohruh Saipow aýtdy.

Ol žurnalistiň garyndaşlarynyň bu derňewiňgaýtadan açylandygy bilen habardar edilmändigini hem sözüne goşdy.

Baş prokuraturanyň edarasy “Syýasat” gazetiniň esaslandyryjysy we baş redaktory bolan Saipowyň 2007-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Oş şäherinde atylyp öldürilmegi boýunça derňewiň gaýtadan açylandygyny tassyk etdi. Saipow AÝ/AR we “Amerikanyň sesi” bilen hem hyzmatdaşlyk edýärdi.

XS
SM
MD
LG