Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda içalyçylykda aýyplanan awstraliýaly syýahatçylar azat edildi


Awstraliýanyň daşary işler ministri Marise Paýne

Eýranda içalyçylykda aýyplanyp tussag edilen iki awstraliýaly syýahatçy-blogger azat edildi, olara bildirilen aýyplamalar ýatyryldy diýip, awstraliýa hökümeti aýdýar.

Mark Firkin we Jolie King iýul aýynda tussag edildi, olar Tähran bilen “örän inçeden geçirilen gepleşijkler” netijesinde azatlyga çykdy diýip, Awstraliýanyň daşary işler ministri Marise Paýne 5-nji oktýabrda irden, Kanberrada aýtdy. Ol bu iki syýahatçynyň saglygynyň we keýpiniň gowudygyny, olaryň öýlerine gaýdyp gelýändiklerini hem sözüne goşdy.

Paýne eýran häkimiýetleri tarapyndan bir ýyl öň tussag edilen we iş kesilen üçünji awstraliýa raýatynyň, Melbourne uniwersitetiniň alymy Kylie Moore-Gilbertiň tussaglykda galýandygyny aýtdy.

Eýranyň ýarym resmi Fars habar gullugynyň sentýabrda resmilere salgylanyp beren maglumatyna görä, Moore-Gilbert hem içalyçylyk aýyplamalary esasynda tussag edildi.

Paýne Moore-Gilbertiň işiniň çylşyrymly bolandygyny, bu meselede eýran hökümeti bilen gepleşikleriň dowam edýändigini, özleriniň bu aýyplamany kabul etmeýändiklerini aýtdy.

Şu aralykda eýran TW-si Awstraliýada 13 aý tussag saklanan eýranly studentiň azat edilendigini, onuň harby enjamlar babatdaky ABŞ sanksiýalaryndan aýlanyp geçmäge synanyşmakda aýyplanandygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG