Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

 Pompeo Gresiýa bilen täze goranmak şertnamasyna gol çekýär, Orsýeti, Eýrany, Hytaýy tankytlaýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Birleşen Ştatlar we Gresiýa täzelenen goranmak-hyzmatdaşlygy paktyna gol çekdi, döwlet sekretary Maýk Pompeo bu çäräniň sebitdäki döwletleriň hiç birine, şol sanda Türkiýä garşy hem gönükdrilmändigini aýtdy.

Şol bir wagtda Pompeo 5-nji oktýabrda, Afina sapary mahalynda Orsýetiň NATO ýarany Gresiýa we onuň goňşularyna ýetirýän “bentniýet” täsirine salgylandy, Eýrany hem Hytaýy tankyt etdi.

Pompeo tarapyndan yglan edilen şertnama Larissada, Stefanovikioda we Alexandroupolide bilelikdäki ABŞ-Gresiýa we NATO işjeňlikleriniň ýokarlandyrylmagyny, Suda beý harby-deňiz bazasynda infrastruktura we beýleki döwrebaplaşdyrma çärelerini nazarda tutýar.

Türkiýe soňky wagtlardaky hereketleri, şol sanda Siriýada ABŞ ýaranlygynda söweşýän kürt söweşijilerine atan haýbatlary bilen Waşingtonyň gaharyny getirdi.

Gresiýa bilen Türkiýe öňden gelýän bäsdeş ýurtlar bolup durýar.

Pompeo "Olar [täzelenen harby gatnaşyklar] baglanyşykly däl” diýip, bu çäreleriň diňe Gresiýanyň we ABŞ-nyň iň gowy bähbitlerine gönükdirilendigini nygtady.

XS
SM
MD
LG