Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Hytaýyň Günorta Pars tebigy gaz taslamasyndan çekilendigini aýdýar


Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeh
Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeh

Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeh Hytaýyň milli nebit kompaniýasynyň Eýranyň Pars aýlagyndaky ägirt uly günorta Pars tebigy gaz ýatagyny özleşdirmäge kömekleşmek boýunça 5 mlrd dollarlyk ylalaşykdan çekilendigini aýdýar.

Zanganehiň ministrligiň SHANA websaýtynda yglan eden habary Birleşen Ştatlaryň hem Eýrana, hem Hytaýa edýän ykdysady basyşlarynyň arasyna gabat geldi.

Şeýle-de bu habar sebitde Eýran bilen Britaniýanyň, Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleriniň arasynda dörän tapgyrlaýyn gapma-garşylyklaryň yzyndan eşidildi.

Hytaýyň milli nebit kompaniýasy (CNPC), Fransiýanyň Total kompaniýasy 2018-nji ýylyň awgustynda bu taslamadan çekileli bäri, Günorta Parsyň, dünýädäki iň uly gaz ýatagynyň giňeldimegi boýunça düzülen planlarda esasy maýadar boldy.

2017-nji ýylda Eýran bilen gol çeken şertnamsayna laýyklykda, Total bu gaz ýatagyna 1 mlrd dollar maýa ýatyrmakçydy, emma Waşingtonyň basyşlary, ABŞ-nyň Tährana garşy sanksiýalarynyň gaýtadan girizilmegi bilen baglylykda, geçen ýyl bu taslamadan çykdy.

Eýran bu gaz ýatagyny Katar bilen bölüşýär.

Zanganeh 6-njy oktýabrda hytaý kompaniýasynyň ornuna Eýranyň “Petropars” firmasynyň geçip, işi dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG