Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda onlarça adam ýurduň Russiýa bilen integrasiýa bolmak ähtimallygyna garşy ýöriş geçirdi


Belarusyň kartasy
Belarusyň kartasy

Belarusda onlarça adam ýurduň Russiýa bilen integrasiýa bolmak ähtimallygyna garşy Minskiň Azatlyk meýdanynda ýöriş geçirdi.

Tanymal oppozision syýasatçy we prezidentlige öňki dalaşgär Mikalaý Statkewiç tarapyndan 6-njy oktýabrda guramalaşdyrylan bu protest, gol ýygnamak we öňümizdäki aý geçiriljek parlament saýlawlarynda saýlanmaga hukuk gazanmak üçin guramalaşdyrylan ýaly bolup görünýär.

Oppozision lider prezident Alýaksandr Lukaşenka salgylanyp, bu adamyň “biziň ýurdumyzy we döwletimizi satmaga” nähili hukugy bar?” diýip sorady.

Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ençemesinde, şol sanda ilkinji gezek 16-njy sentýabrda “Kommersant” gazetinde çap edilen maglumatlarda gelejek “integrasiýa plany” barada habar berlip, muňa Belarus bilen Russiýanyň dekabr aýynda gol goýmagy planlaşdyrýandygy mälim edildi. Bu plan Moskwa bilen has ýakyn gatnaşyklaryň bolmak ähtimallygy barada aladalary döretdi.

XS
SM
MD
LG