Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen pagta önümlerini ABŞ-da satuwa çykaran kompaniýa indi öz harytlaryny “Pakistanda öndürildi” diýen belgi bilen satýar


Illýustrasiýa suraty.

Geçen ýyla çenli “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgi bilen Birleşen Ştatlaryň “eBay” we “Walmart” söwda kompaniýalarynda satuwa çykarylan “Goza” haryt nyşanly dokma önümleri indi “Pakistanda öndürildi” diýen belgi bilen satuwa çykýar.

Ondan ozal, düýbi Wiriginýada ýerleşýän “Goza” kompaniýasy türkmen pagtasyndan öndürilen dokma önümlerini Birleşen Ştatlaryň onlaýn söwda kompaniýalarynyň üsti bilen alyjylara ýetirýärdi. Halkara hukuk goraýjy guramalar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde häkimiýetleriň mejbury zähmetden peýdalanmagyny tankyt edip gelýär.

​Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan” gazeti 2018-nji ýylyň 27-nji noýabrynda türkmen pagtasyndan ýasalan dokma önümleriň “Goza” haryt nyşany bilen ABŞ-nyň “Walmart” we “Amazon” söwda platformalarynda dünýä ýüzüne çykarylýandygyny habar beripdi.

Döwlet eýeçiligindäki "Türkmenistan" gazeti türkmen pagtasyndan taýýarlanan önümleriniň "Amazonda" we "Walmartda" satylýandygyny 27-nji noýabrda habar berdi. Twitter sosial ulgamynda paýlaşylan surat.
Döwlet eýeçiligindäki "Türkmenistan" gazeti türkmen pagtasyndan taýýarlanan önümleriniň "Amazonda" we "Walmartda" satylýandygyny 27-nji noýabrda habar berdi. Twitter sosial ulgamynda paýlaşylan surat.

Ýatlasak, Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizdi. Bu gadagançylyk häzire çenli öz güýjüni saklaýar.

Azatlyk Radiosy türkmen nah ýüplüginden öndürilen harytlaryň agzalýan gadagançylyga garamazdan, amerikaly alyjylara satylmagy barada noýabryň aýagynda habar berdi.

Bu habaryň yzýany, düýbi Waşingtonda ýerleşýän International Labor Rights Forum guramasy mejbury zähmet bilen baglylykda tankyt edilýän türkmen pagta önümçiligine degişli harytlaryň Birleşen Ştatlaryň bazarlarynda haýsy şertlerde satuwa çykarylýandygyny öwrendi.

Guramanyň 31-nji ýanwarda Thomson Reuters Foundation-yň saýtynda çap eden makalasyndan mälim bolşuna görä, “Gozanyň” wekilleri “Walmartdaky” we “Amazondadaky” türkmen pagtasyndan ýasalan önümleriň Birleşen Ştatlarda türkmen pagtasyna girizilen gadagançylykdan has ozal ýurda import edilendigini aýtdy.

Türkmen pagtasyndan öndürilendigi aýdylyp, Walmartyň saýtynda goýlan bildiriş
Türkmen pagtasyndan öndürilendigi aýdylyp, Walmartyň saýtynda goýlan bildiriş

Häzirki wagtda “Goza” nah ýüplükden ýasalan harytlary Birleşen Ştatlarda “Pakistanda öndürildi” diýen belgi bilen satýar. Onlaýn bildirişlerde “Gozanyň” el süpürgiçleriniň we beýleki harytlarynyň gapdalynda geçen ýyl “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy duran bolsa, indi bu ýazgy “Pakistanda öndürildi” diýen belgä çalşylypdyr.

"Goza" indi Pakistanda öndürilendigi aýdylýan el süpürgiçleri satýar
"Goza" indi Pakistanda öndürilendigi aýdylýan el süpürgiçleri satýar

Azatlyk Radiosynyň bu mesele dogrusynda “Goza” kompaniýasyndan telefon arkaly kommentariýa almak synanyşygy häzirlikçe netije bermeýär.

Şu günler Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Ýurduň Sowet döwründen miras galan pagtaçylyk pudagyna döwlet doly gözegçilik edýär, býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar we lukmanlar köpçülikleýin pagta ýygmaga mejbur edilýärler.

"Goza" indi Pakistanda öndürilendigi aýdylýan el süpürgiçleri satýar
"Goza" indi Pakistanda öndürilendigi aýdylýan el süpürgiçleri satýar

Anti-Slavery International, ýagny Gulçulyga garşy halkara guramanyň Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edip, şu ýylyň martynda çap eden hasabatynda türkmen pagtasynyň we dokma önümleriniň hususan-da türk kompaniýalarynyň üsti bilen dünýä bazaryna çykýandygyny habar berdi.

Guramanyň hasabatyna görä, Türkmenistan bahasy ýylda 300 million dollardan gowrak pagta we ondan öndürilen önümleri Türkiýä eksport edýär.

Şu wagta çenli dünýä belli global markalar, şol sanda “H&M”, “IKEA”, “Adidas”, “Esprit” we beýlekiler, galyberse-de sermaýaçylardan, biznes jemgyýetlerinden, kärdeşler arkalaşyklaryndan hem-de hukuk goraýjy toparlardan düzülen 60 töweregi wekil Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy çykyş etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG