Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Demirgazyk Siriýanyň Türkiýe bilen araçäginden goşunlaryny çekip başlaýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlarynyň demirgazyk Siriýadaky kürt ýolbaşçylygyndaky güýçlere garşy gutulgysyz türk operasiýalary üçin gyra çekiljekdigini mälim etmeginden birnäçe sagat soň, ABŞ-nyň güýçleri Siriýanyň Türkiýe bilen araçäginiň ýakasyndaky sebitlerden yza çekilip başlady diýlip, habarlarda aýdylýar.

Amerikan güýçleri Tel Abýatdaky we Ras al Aindaky iki gözegçilik punktyny terk etdi diýip, Roýters Birleşen Ştatlaryň şahsyýeti mälim edilmeýän resmisiniň sözlerini getirdi.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Siriýanyň synçy topary agzalýan iki punktdaky möhüm desgalardan Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň çekilendigini tassyklady.

“Birleşen Ştatlaryň güýçleri Türkiýe bilen serhetleşýän sebitlerden çekildi” diýip, kürt ýolbaşçylygyndaky Siriýanyň demokratik güýçleri beýanatynda aýtdy.

Türkiýe ol ýerde “gorag zolagyny” döretmek isleýändigini aýdyp, birnäçe aý bäri özüniň demirgazyk Siriýa bilen araçäge harby operasiýa girişmek haýbatyny atyp geldi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we onuň türk kärdeşi Rejep Taýýip Erdoganyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň, 6-njy oktýabrda Ak tam Türkiýäniň “ýakynda demirgazyk Siriýanyň içine köp wagtdan bäri planlaşdyran operasiýasyna girişjekdigini” aýtdy.

Beýanatda Siriýada ýüzlerçe goşuny bolan Birleşen Ştatlaryň bu operasiýa “goşulmajakdygy we oňa goldaw bermejekdigi” hem-de Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň “mundan beýläk bu sebitiň golaýynda bolmajakdygy” aýdylýar.

“Mundan beýläk Türkiýe soňky iki ýylyň dowamynda ABŞ tarapyndan derbi-dagyn edilen ‘Halyfat’ territoriýalarynda ele salnan ‘Yslam döwleti’ toparynyň söweşijileri bilen bagly ähli jogapkärçiligi öz üstüne alýar” diýip, beýanatda aýdylýar.

Ele salnan köp sanly YD söweşijileriniň gelen ýurdy bolan Fransiýa, Germaniýa we beýleki Ýewropa döwletleri olary yzyna kabul edip almak “islemedi we muny ret etdi” diýip, Ak tam aýdýar.

Beýanatda SDF-niň möhüm elementi bolan Kürt halkynyň gorag birikmeleri (ÝPG) agzalmaýar.

Siriýada Yslam döwletini ýeňmekde öňdebaryjy rol oýnan ÝPG şu wagta çenli Waşingtondan güýçli goldaw görüp geldi.

Türkiýe bu topara üç onýyllygyň dowamynda Türkiýede kürt özbaşdaklygy ugrunda göreşip gelýän Kürdistan işçiler partiýasynyň (PKK) bir bölegi hökmünde garaýar.

ÝPG özüniň PKK bilen aradaky islendik gönümel guramaçylyk arabaglanyşygyny ret edýär.

7-nji oktýabrda habarçylaryň öňünde eden çykyşynda Erdogan türk armiýasynyň demirgazyk Siriýada islendik wagt operasiýa girişmäge taýýardygyny aýtdy.

“Bu terrorçy toparlardan gelýän haýbatlara mundan beýläk çydamlylyk görkezmek biz üçin asla mümkin däl” diýip, türk lideri kürt söweşijilerini göz öňünde tutup aýtdy.

Şeýle-de, Erdogan “gorag zolagy” boýunça planlaryny Tramp bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin noýabryň birinji ýarymynda Waşingtona sapar etmegi meýilleşdirendigini aýtdy.

BMG-niň Siriýa boýunça ynsanperwerçilik kordinatory Panos Moumtzis Ženewada eden çykyşynda türk operasiýalarynyň netijeleri bilen bagly “jogaplanmadyk soraglaryň köpdügini” aýtdy.

“Biz iň gowusyny umyt edýäris, ýöne iň erbedine taýýarlyk görýäris” diýip, Moumtzis žurnalistlere aýtdy.

Ýewrokomissiýanyň metbugat wekili Maýa Koçiýançiç (Maja Kocijancic) “demirgazyk-gündogarda täzelenýän ýaragly duşmançylyk diňe bir raýatlaryň çekýän jebrini ýiteldip, köpçülikleýin göçüşlige ýol açman, eýsem, ýiti gowşan häzirki syýasy tagallalary howp astyna salar” diýdi.

“Türkiýe özüniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, Siriýada gizlenýän bolmagy ahmal bolan terrorçy elementlere gaýtawul bermek arkaly, çäre görüp biler” diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitri Peskow žurnalistlere aýtdy.

Ýöne “ilkinji nobatda biz Siriýanyň territorial we syýasy bitewiligine hökmany sarpa goýulmaly diýýäris” diýip, ol nygtady.

Türkiýe 2011-nji ýyldan bäri raýat urşundan gaçyp gelen 3.6 milliondan gowrak siriýalyny myhman alýar. Ankara olaryň 2 milliona golaýyny agzalýan zolaga göçürmek isleýändigini aýdýar.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG