Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow bilen Putiniň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiwden alnan surat.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiwden alnan surat.

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

“Türkmenistan Altyn Asyr” websaýtynyň çap eden maglumatyna görä, türkmen we rus liderleri sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyp, BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň ugry boýunça tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek maksady bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle-de, telefon söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň prezidentleri şu hepdede Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine ünsi çekdiler.

“Arkalaşygyň giňişliginde netijeli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu sammitiň ähmiýetini bellediler” diýlip, resmi metbugatyň habarynda aýdylýar. Ýöne habarda bu barada jime-jik maglumat berilmeýär.

10-njy oktýabrda Aşgabatda GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegine garaşylýar.

Mundan öň, 4-nji oktýabrda rus daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin 10-njy oktýabrda Aşgabada sapar etjekdigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG