Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda “Al-Kaýdanyň” regional lideri öldürildi


Owganystanyň kartasy

Owganystanyň günorta sebitlerinde geçen aý ABŞ-owgan güýçleriniň bilelikdäki geçiren operasiýasynyň netijesinde “Al-Kaýda” terroristik toparynyň ýerli lideri öldürildi. Bu barada owgan resmileri maglumat berýärler.

“Al-Kaýdanyň” Hindi subkontinenti boýunça ýolbaşçysy Asim Umar 23-nji sentýabrda Helmand welaýatynyň Musa Gala etrabynda “Talyban” jeňçilerine garşy geçirilen operasiýanyň dowamynda öldürildi.

Owganystanyň Howpsuzlyk boýunça Milli Direktoratynyň maglumatyna görä, Umar Pakistanyň raýaty bolupdyr. Şol bir wagtda, onuň Hindistanda doglandygy hem aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG