Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda iki aýlyk bäbegini öldürmekde aýyplanýan türkmenistanlynyň işi suda geçirilmäge taýýar edildi


Belarusyň Brest şäheri
Belarusyň Brest şäheri

Belarusyň Brest şäherinde maý aýynda özüniň iki aýlyk gyz çagasyny öldürmekde aýyplanýan 28 ýaşly türkmenistanlynyň işi prokuraturadan suda geçirilmäge taýýar edildi.

Belarus habar serişdeleriniň maglumatyna görä, häzikri wagtda wideokameralaryň ýazgylary öwrenlipdir, şaýatlar sorag edilipdir, şeýle-de derňew eksperimentleri geçirilipdir.

Brest oblastynyň Derňew komitetiniň uprawleniýesiniň maglumatyna görä, 10-njy maýda aýyplanýan türkmenistanly bäbegini bogup öldüripdir. Mundan soň, ol çagany örtümä dolap, ony derýanyň kenarynda gizläpdir. Çaganyň ýitendigi onuň pediatryň planlaşdyrylan barlagyna getirilmäninden soňra belli bolupdyr.

Aýyplanýan türkmenistanly Belarusyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýardy.

XS
SM
MD
LG