Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ŽGK Özbegistanda ruhy hassalar üçin keselhana ýerleşdirilen blogeriň azat edilmegine çagyrýar


Bloger Nafosat Olloşukurowa
Bloger Nafosat Olloşukurowa

Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet (ŽGK) Özbegistanda hökümet barada tankydy çykyşlary eden blogeriň azatlyga goýberilmegine çagyryş etdi.

30-njy sentýabrda Horezm regionynyň sudy Nafosat Olloşukurowany ruhy hassalar üçin keselhana ýerleşdirmek barada höküm çykarypdy.

Özbek häkimiýetleri “ähli žurnalistleriň erkin ýagdaýda habar bermegine mümkinçilik bermelidir” diýip, Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet 8-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda nygtaýar.

Blogger özüniň Şabnam Olloşkurowa atly Facebook sahypasynda korrupsiýa aýyplamalary, jaýlaryň bikanun ýykylmagy ýaly ýagdaýlar barada maglumatlary çap edýärdi.

23-nji sentýabrda Ürgenç şäheriniň Administratiw sudy Olloşukurowany huligançylykda we rugsat berilmedik toplanyşyklara gatnaşmakda aýyplap, 10 gün tussaglyga höküm edipdi.

Mundan üç gün soňra, prokurorlar Ollaşukurowanyň “ruhy hassadygyny” aýdyp, ony degişli keselhana ýerleşdirmek barada suda ýüzlendiler.

XS
SM
MD
LG