Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tährandaky futbol duşuşygyna müňlerçe aýal tomaşaçynyň goýberilmegine garaşylýar


Erýanly aýal futbol janköýerleri. (arhiw suraty)
Erýanly aýal futbol janköýerleri. (arhiw suraty)

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň saýlap alyş tapgyrynyň çäginde Eýranyň Kamboja bilen duşuşygyna müňlerçe eýranly aýal janköýeriň hem goýberilmegine garaşylýar. Futbol oýny 10-njy oktýabrda Tähranyň Azadi stadionynda geçýär.

1979-njy ýyldaky yslam rewolýusiýasyndan soňra, aýal janköýerleriň stadiondaky erkekleriň futbol duşuşyklaryna tomaşa etmegine gadagançylyk girizilipdi. Aýallar seýrek halatlarda, ýörite çakylygyň esasynda stadiona oýna tomaşa etmäge goýberilýärdi.

Kamboja bilen oýna 3 müň 500 töweregi aýal tomaşaça bilet satyldy. Bilet almagy başaranlar erkek tomaşaçylardan aýra saklanyp, olara aýal polisiýa ofiserleri gözegçilik ederler.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International topary stadionyň 80 müň adama niýetlenendigine ünsi çekip, aýal tomaşaçylara berlen biletleriň mukdaryny “göz boýagçylyk” diýip atlandyrdy.

Aýal-gyzlar sosial mediada has köp biletleri talap edip, kampaniýa geçirdiler.

XS
SM
MD
LG