Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ždanow: Nawalnynyň Fonduna ýollanan pullar petiklenen hasaba ugradyldy


Korrupsiýa garşy Fonduň direktory Iwan Ždanow
Korrupsiýa garşy Fonduň direktory Iwan Ždanow

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy Fondunyň (FBK) başlygy topara Ispaniýadan tölegleriň edilendigini tassyklady, emma olaryň petiklenen hasaba geçirilendigini aýtdy.

Fondyň direktory Iwan Ždanow “Dožd” telekanalyna 10-njy oktýabrda beren interwýusynda ispan kompaniýasyndan 140 müň rubl möçberinde maliýe serişdeleriniň donat edilendigini aýtsa-da, munuň “prowokasiýa” bolan bolmagynyň mümkindigini çaklady.

“Bular ýaly ýagdaýlar öňler hem bolýardy. Biz şonda aňsatlyk bilen maliýe serişdelerini yzyna öwürýärdik. Emma, petiklenen hasaba gelýän serişdeleri yzarlamak örän kyn, olary yzyna ugratmak bolsa, asla mümkin däl. Meniň pikirimçe, bu prowokasiýa meňzeýär” diýip, Ždanow aýtdy.

Mundan bir gün öň, Russiýanyň Adalat ministrligi bähbit aramaýan FBK toparyny “daşary ýurtly agent” diýip, häsiýetlendiripdi.

Nawalny ministrligiň bu hereketini ret edip, rus resmileriniň FBK-niň korrupsiýa faktlarynyň üstüni açýan işinden howatyrlanýandyklaryny aýtdy.

Ždanow FBK-niň maliýe serişdelerini diňe rublda kabul edýändigini hem belledi.

XS
SM
MD
LG