Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda Mumbaide hüjümleri gurnamakda aýyplanýanyň dört ýarany tussag edildi


Pakistanyň kartasy

Pakistanyň resmileri 2008-nji ýylda Mumbaide adam pidaly hüjümleri gurnamakda aýyplanýan Hafiz Saeediň dört ýaranynyň, terrorizmi maliýeleşdirmek aýyplamalary esasynda, tussag edilendigini aýdýarlar.

Bu geljek hepde düýbi Parižde ýerleşýän Maliýe Çäreleri boýunça Ygtyýarly Toparyň Pakistanyň terrorizmi maliýeleşdirilmeginiň we galp pullaryň ýuwulmagynyň öňüne almak boýunça gazanan öňegidişiklerini seljermek boýunça geçirjek maslahatynyň öňüsyrasyna gabat geldi.

Saeed hem iýul aýyndan bäri terrorizmi maliýeleşdirmek aýyplamalary esasynda tussaglykda saklanylýar. ABŞ resmileri ony terrorist hökmünde häsiýetlendirýär.

ABŞ we BMG Pakistana jeňçi toparlaryny maliýeleşdirmegini bes etmegi boýunça basyş edip gelýärler.

ABŞ we hindi resmileri Saeedi Mumbaidäki hüjümleri gurnamaga ýardam bermekde aýyplaýarlar. Şonda 10 ýaragly Hindistanyň iň iri şäherindäki iki sany kaşaň myhmanhana, ýewreýleriň merkezine we wokzala hüjüm edipdiler. Ençeme güne çeken gabawda 166 adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG