Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki adam ABŞ-nyň saýlaw kampaniýasyny maliýeleşdirmek baradaky kanunyny bozmakda tussag edildi


Lew Parnas we inn Igor Fruman.
Lew Parnas we inn Igor Fruman.

Öňki Sowet Soýuzyndan bolan iki biznesmen, aýdylmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň saýlaw kampaniýasyny maliýeleşdirmek baradaky kanunyny bozmakda aýyplanyp tussag edildi.

Birleşen Ştatlaryň prokuraturasynyň Manhattandaky edarasynyň 10-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, prezident Donald Trampyň şahsy aklawçysy Rudy Giulian bilen ilteşikli Ukrainada doglan Lew Parnas we Belarusda dünýä inen Igor Fruman bir gün öň Waşingtonyň çetindäki Dulles halkara aeroportunda saklandy.

Nýu-Ýorkda açylan dört sany aýyplaw hökümi dildüwşük, Federal Saýlaw Komissiýasyna galp beýanatlary bermek we ýazgylaryň gaplaşdyrylmagy ýaly aýyplamalary öz içine alýar.

Gürrüňi edilýän iki şübheli, aýdylmagyna görä, “federal we hökümet wezipeleri üçin dalaşgärlere daşary ýurt puluny gönükdirmekde” aýyplanýar.

Reuters neşiri iki adamyň aklawçysy John Dowda salgylanyp, aýyplamalar barada kommentariý bermegi ret edendigini habar berdi.

Prokurorlar iki adamyň Wena uçmakçy bolanda Dulles aeroportunda tussag edilendigini, şonda olarda diňe bir ugur boýunça bilediň bolandygyny aýtdylar.

Prokurorlar iki adamyň ýurtdan uçmak töwekgelçiliginiň bardygyny belläp, federal kazy Maýkl Nahmanowyň (Michael Nachmanoff) Parnasyň we Frumanyň islendik sud diňlenişiginden öň goýberilmegi üçin ýerine ýetirilmeli berk düzgünleriň ençemesini kesgitländigini aýtdylar.

Bu düzgünlere laýyklykda, olaryň her biri 1 million amerikan dollary möçberindäki obligasiýa puluny geçirmeli we GPS gözegçiligi astynda öý tussaglygynda saklanylmaly.

Parnasyň sosial ulgamda çap eden suratlarynda onuň Donald Tramp, onuň ogly Donald Tramp Junior we beýlekiler bilen birnäçe gezek duşuşandygy görünse-de, Tramp bu adamlary tanamaýandygyny aýdyp, “biziň munuň bilen hiç hili gatnaşygymyz ýok” diýdi.

Aýyplaw höküminde, hamana, Parnasyň we Frumanyň pul serişdesiniň hakyky çeşmesini görkezmän, “kompaniýalaryň adyndaky bank hasaplaryň üsti bilen daşary ýurt puluny ýuwmak” arkaly sowgat berlen pul serişdesiniň çeşmesini gizlemekde aýyplanýar.

Guramaçylykly jenaýaty we korrupsiýany hasaba alýan proýekt (OCCRP) tarapyndan amala aşyrylan derňewe görä, 2018-nji ýylda iki şübheli Respublikanlaryň dürli kompaniýalaryna azyndan $576,000 möçberinde pul sowgadyny berdi.

Bu pul serişdesiniň uly bölegi – $325,000 – 2018-nji ýylyň 17-nji maýynda Amerika ilkinji hereketine geçirildi. Bu hereket Trampçy iň uly Super syýasy hereket komitetleriniň biridir diýlip, Guramaçylykly jenaýaty we korrupsiýany hasaba alýan proýektiň maglumatynda aýdylýar.

Mundanam başga, Fruman we Parnas ady aýdylmaýan “Kongressmen-1”-e pul serişdesini toplamaga ýardam beripdir. Olar “Kongressmen-1”-iň kömegi bilen ABŞ-nyň şol döwürde Ukrainadaky ilçisi Mariýa Ýowanowiçi wezipesinden “aýyrmaga ýa-da yzyna çagyrmaga” synanyşypdyrlar diýlip, aýyplaw höküminde aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG