Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümete tarapdar neşir Magtymgulyny çüri telpekli 'gören' ussadyň işlerini çap etdi


Selleli hem çüri telpekli Magtymguly
Selleli hem çüri telpekli Magtymguly

Türkmen hökümetine tarapdar “Türkmenportal” neşiri Türkmenistanyň tanymal suratkeşleriniň biri Aýhan Hajyýewiň 95 ýaşynyň dolmagy mynasybetli onuň çeken çeper kartinalary esasynda fotosergi çap etdi, olaryň içinde ussat hudožnigiňmeşhur işleriniň biri – Magtymguly Pyragyny şekillendirýän suratlar hem bar.

Aýhan Hajyýewiň 1940-njy ýyllaryň aýagynda döreden Magtymguly portreti garaşsyzlyk ýyllarynda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň göwnünden turmady. Ol ussat hudožnigiň döreden kanoniki portretini tankytlap, ony täzelemegi tabşyrdy. Nyýazowyň pikiriçe, Magtymgulynyň kellesi baganadan tikilen çüri telpekli portreti ony garyp çopana meňzedýär.

Şondan soň Türkmenistanda Magtymgulynyň selleli suraty ýa-da heýkeli köpelip başlady we hatda Magtymgulynyň Daşkentde çüri telpekli görnüşde dikilen ýadygärligi hem, Aşgabadyň talaby boýunça, täzeden, selleli görnüşde ýasaldy.

Emma muňa garamazdan, heýkeltaraş Saragt Babaýewiň paýtagtyň daşynda bina eden selleli ýadygärligine garamazdan, Azatlygyň gurnan tapgyrlaýyn söhbetdeşliklerinden soň, türkmen häkimiýetleri Magtymgulynyň Aşgabadyň merkezindäki çüri telpekli ýadygärligini göçürmek pikirlerini häzirlikçe goýbolsun edene meňzeýär.

XS
SM
MD
LG