Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz prezidenti Türkiýäniň Siriýadaky hüjümlerini bes etmegi baradaky çagyryşyny gaýtalaýar


Fransuz prezidenti Emmanuel Makron amerikan kärdeşi Donald Tramp bilen. Arhiw suraty. Fransiýa, 26-njy awgust, 2019.

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron Türkiýäniň Siriýadaky hüjümlerini bes etmelidigi baradaky çagyryşyny gaýtalady, onuň “Yslam döwleti” toparynyň gaýtadan janlanmagyna getirip biljekdigini duýdurdy.

Makron bu sözleri 12-nji oktýabrda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen eden telefon gürrüňinde aýtdy diýip, fransuz lideriniň edarasy habar berdi.

Makron “hemme zatdan ozal YD-nyň sebitde gaýtadan janlanmagyndan gaça durulmagyna”, ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky harby koalisiýanyň YD ekstremistleri tarapyndan Siriýada we Yrakda basylyp alnan territoriýalary yzyna almagyna kömek eden kürt söweşijilerine goldaw berilmegine basyş etdi.

Beýanatda Makronyň ABŞ güýçlerini bu işe gatyşmaga çagyryp-çagyrmandygy aýdylmaýar. Trampyň bu sebitden goşun çykarmak barada gelen karary Türkiýäniň şu hepde demirgazyk-gündogar Siriýadaky kürtlere garşy hüjüme başlamagyna ýol açdy.

Ankara bu sebitdäki kürt söweşijilerini özüne wehim hasaplaýar. Şu aralykda Türkiýäniň hüjümi dördünji gününe girdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG