Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Han mümkin bolan araçylyk habarlary arasynda Eýrana, Saud Arabystanyna sapar edýär


 Imran Han
Imran Han

Pakistanyň premýer-ministri Imran Han iki sany regional garşydaşyň onýyllyklara çeken dawalarynda araçy bolmak synanyşygy baradaky habarlar arasynda ilki şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýrana, soňra sünni köplügindäki Saud Arabystanyna sapar edýär.

Han 13-nji oktýabrda Tähranda bolup, soňra Saud Arabystanyna sapara barar diýip, Pakistanyň premýer-ministriniň edarasy 12-nji oktýabrda aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 14-nji sentýabrda saudlylaryň nebit desgalaryna edilen hüjümden soňra Handan iki musulman ýurdunyň arasyndaky dartgynlyklary gowşatmak tagallasyny etmegini sorady.

Waşington, Riýad we beýleki Günbatar ýurtlary bu hüjümde Eýrany günäleýär, Tähran bu aýdylýanlary ret edýär.

"Saud Arabystany biziň strategiki hyzmatdaşymyz, Eýran biziň dostumyz we goňşymyz” diýip, Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mehmood Kureşi şu hepdäniň başynda aýtdy.

“Biz bu iki musulman ýurdunyň arasyndaky düşünişmezlikleriň gepleşikler arkaly aradan aýrylmagyna çalyşýarys” diýip, Kureşi bu sebitiň urşa ýol berip bilmejekdigini nygtady.

XS
SM
MD
LG