Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polýaklar parlament saýlamak üçin ses berýärler


Kanun we Adalat (KwA) partiýasynyň goldawçylary, 2019.
Kanun we Adalat (KwA) partiýasynyň goldawçylary, 2019.

Polýaklar 13-nji oktýabrda parlament saýlamak üçin ses berýärler, Ýaroslaw Kaçinskiniň (Jaroslaw Kaczynski) dolandyryjy partiýasynyň aňsatlykda ýeňmegine garaşylýar.

Kanun we Adalat (KwA) partiýasy bu saýlawa jemgyýetde aňyrdan gelýän katolik gymmatlyklary bilen käbirleriniň gol ýapýan liberal düzgüniniň we maşgala durmuşynyň gowşadylmagynyň arasyndaky seçgi hökmünde geldi.

KwA geýleri we lesbianlary hem nyşana alýar, olary LGBT hereketiniň has ösen we görnetin erjelleşen döwründe bir wehim hökmünde häsiýetlendirýär.

KwA-nyň opponentleri bu partiýanyň sudlaryň we metbugatyň garaşsyzlygyny gowşadyp, Polşanyň demokratiýasyna wehim salýandygyny, şeýle-de bu ýewropa ýurdunyň azlyklary sygdyrmazlyga ýykgyn edýändigini aýdýarlar.

Polýak ýazyjysy, 2018-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragyny alan Olga Tokarçuk 10-njy oktýabrda bu saýlawlar “demokratiýa bilen awtoritar dolandyryşyň arasyndaky seçgi” diýdi.

KwA-nyň meşhurlygy bu partiýanyň joramt sosial harçlamalary we syýasatlary esasynda goldaw tapdy.

Kaçinskiniň partiýasy pensiýa ýaşyny peseltdi, daýhanlar üçin pensiýalary we subsidialary köpeltdi, 26 ýaşdan aşakdaky polýaklar üçin salgyt ýeňilliklerini girizdi.

Şeýle-de, maşgalalara her aýda her çaga üçin 500 zloty ($125) geçirilýär.

XS
SM
MD
LG