Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň premýer-ministri Eýrana sapar etdi


Eýranyň ýokary ruhany lider Aýatollah Ali Khameneýi Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan (ortada) we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen duşuşýar. 13-nji oktýabr, 2019 ý.
Eýranyň ýokary ruhany lider Aýatollah Ali Khameneýi Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan (ortada) we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen duşuşýar. 13-nji oktýabr, 2019 ý.

Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan Tährana eden saparynyň çäklerinde Eýran bilen Saud Arabystanyň arasyndaky dartgynlylyklary gowşatmak ugrundaky gepleşikleri ilerletmäge synanyşjakdygyny aýtdy.

Khan prezident köşgünde prezident Hassan Rohani bilen gepleşikleri geçirip, mundan soň hem ýokary ruhany lider Aýatollah Ali Khameneýi bilen duşuşdy.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi Khanyň Riýadha hem sapar etjekdigini mälim etdi.

“Biz Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda konflikti islemeýändigimizi mälim etmek üçin bu sapary amala aşyrýarys” diýip, Khan aýtdy.

14-nji sentýabrda saudlaryň nebit desgalaryna edilen hüjümden soňra Eýran bilen Saud Arabystanyň arasyndaky dartgynlylyklar has-da ýitileşdi.

Waşington, Riýadh we Günbataryň beýleki döwletleri hüjümi amala aşyrmakda Eýrany aýyplaýarlar. Tähran bulary ret edýär.

XS
SM
MD
LG