Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Kongda aktiwistler protestleri dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar


Hong Kongda hepde soňundaky protestler gazaplylyga ýazdy. 13-nji oktýabr, 2019 ý.

Hong Kongda demokratiýa gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän aktiwistler, hepde soňundaky ýüze çykan gazaplylyklara garamazdan, protest çärelerini dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

Mundan bir gün öň, parahatçylykly başlanan protestler, polisiýanyň aktiwistler bilen çaknyşmagy netijesinde, gazaplylyga ýazypdy.

Ýarym awtonom Hong Kong regionyndaky protestler mundan dört aý töweregi ozal, hökümetiň ekstradisiýa baradaky kanun taslamasyny ýatyrmagy baradaky çagyryşlar bilen başlandy we soňra talaplar giňäp, köpçülikleýin köçe hereketlerine ýazdy. Protestçiler ýarym awtonom sebitde Hytaýyň täsiriniň barha artýandygyny aýdyp, nägileligini bildirýärler.

Protestler başlanaly bäri 1 müň 700 töweregi protestçi tussag edildi.

Protestler Pekindäki kommunistik partiýanyň dolandyryjylary üçin uly synaga öwrülýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG