Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kalmyklar Ukrainadaky separatistleriň ozalky lideriniň häkimiň wezipesini ýetiriji hökmünde bellenmegine protest geçirdiler


Kalmyklar Trapeznikowyň wezipeden aýrylmagyny talap edýärler. Elista 13-nji oktýabr, 2019 ý.
Kalmyklar Trapeznikowyň wezipeden aýrylmagyny talap edýärler. Elista 13-nji oktýabr, 2019 ý.

Russiýanyň günorta-günbataryndaky Kalmykiýa regionynyň paýtagty Elistada 2 müňe golaý demonstrant Kreml tarapyndan goldanylýan separatistleriň ozalky lideriniň şäheriň häkiminiň wezipesini ýerine ýetirijisi hökmünde bellenmegine garşy ýene parahatçylykly protest geçirdiler.

Dmitriý Trapeznikow bu wezipä 26-njy sentýabrda bellenipdi.

1-nji oktýabrdaky ýörişde hem bolşy ýaly, protestçiler Trapeznikowyň bu wezipeden aýrylmagyny, şeýle-de munisipal saýlawlarda ýerli häkimiň saýlanmagy boýunça kanunçylyga degişli düzedişleriň girizilmegini talap etdiler.

Trapeznikow Russiýanyň Krasnodar şäherinde dogulsa-da, ol Ukrainanyň Donetsk şäherinde önüp-ösdi. Onuň Kalmykiýa ýa-da kalmyklar bilen hiç hili bagy ýok.

XS
SM
MD
LG