Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik mugallymy gyz okuwçyny ‘öpendigi’ üçin türme tussaglygyna höküm edildi


Täjigistanyň kartasy

Täjigistanda 58 ýaşly mugallym 12 ýaşly gyz okuwça jynsy taýdan zorluk görkezmek aýyplamasy esasynda 17,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Mugallymyň garyndaşlary bu aýyplamany ret edip, onuň okuwçyny diňe öpendigini aýdýarlar.

Baş prokuraturanyň resmileriniň Azatlyk Radiosyna 14-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Mirzohon Aliýewiň hökümi 3-nji oktýabrda çykarylypdyr.

Resmiler wakanyň günortadaky Norak şäherinde ýüze çykandygyny, emma pidanyň şahsyýetini gizlin saklamak üçin sud diňlenişiginiň goňşy Ýowon etrabynda geçirilendigini aýtdylar.

Resmiler başga goşmaça maglumat bermediler.

Aliýewiň çagalary Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde kakalarynyň bigünädigini aýtdylar.

Olaryň sözlerine görä, aprel aýynda Mirzohon Aliýew küşt boýunça bäsleşige gatnaşyp, onuň dowamynda ýeňiş gazanan gyzy öpüpdir; mundan soň hem jenaýat işi gozgalypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG