Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýa hüjümi bilen ilteşikli türk ministrlerine gadagançylyk girizdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ Ankaranyň Siriýanyň demirgazyk-gündogar sebitlerine edýän harby hüjümi bilen baglylykda Türkiýäniň goranmak ministrine we ýene iki resmisine garşy sanksiýalary girizdi.

ABŞ-nyň sanksiýalaryna goranmak ministri Hulusi Akar, içeri işler ministri Süleýman Soýlu we energiýa ministri Fatih Donmez düşdüler. Olaryň Birleşen Ştatlardaky emläkleri doňdurylar we ABŞ ýa ABŞ bilen ilteşikli tranzaksiýalary gadagan ediler.

Bu aralykda, ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pense prezident Donald Trampyň türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Siriýadaky ok atyşyklaryny bada-bat togtatmalydygyny aýdandygyny mälim etdi.

Türk güýçleriniň Siriýanyň demirgazyk-gündogar sebitlerine hüjüme geçmegi netijesinde parahat ilatyň arasyndan 160 müň töweregi adam öýlerini terk etmäge mejbur galdy.

Pense Trampyň Erdogan bilen telefonda berk gürleşendigini, şeýle-de özüniň krizise araçylyk etmek üçin golaýda sebite sapar etjekdigini aýtdy.

“Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkiýäniň Siriýa hüjümine mundan beýläk çydamlylyk görkezmez. Biz Türkiýä saklanmaga we gepleşiklere başlamaga çagyrýarys” diýip, Pense belledi.

XS
SM
MD
LG