Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda 20 müň adama täsiri ýetjek amnistiýa taýýarlanýar


Täjik türmesi

Täjik prezidenti Emomali Rahmon parlamente 20 müň çemesi tussaga, şol sanda daşary ýurtly bendilere täsiri ýetjek amnistiýa kanunyny kabul etmegi teklip etdi, bu amnistiýa ýurduň konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna gabatlanýar.

Prezidentiň websaýtynda 16-njy oktýabrda çap edilen teklibe laýyklykda, 3 müňden gowrak tussag türmeden boşadylar, türme möhleti berilmedik adamlaryň 5 müňden gowragynyň günäsi geçiler, 2 müňden gowrak güman edilýäniň derňewi bes ediler, 10 müň çemesi tussagyň bolsa türme möhletleri azaldylar.

Agyr jenaýat üçin iş kesilen we 12 ýyldan gowrak türmede bolan aýallar , 70-den geçen tussaglaryň aglabasy, daşary ýurtly tussaglaryň bolsa ählisi türmeden boşadylar.

Ömürlik tussaglar we ozal günäsi geçilip, gaýtadan jenaýat eden tussaglar, türme möhletini berjaý edýän wagtynda jenaýat eden tussaglar, yzygiderli türme düzgünlerini bozýan tussaglar günä geçişe düşürilmez.

Täjigistanda 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanaly bäri 15 gezek köpçülikleýin günä geçiş geçirildi. Amnistiýalar syýasy sebäpler esasynda türmä basylanlara degişli bolmady.

Hukuk toparlary Täjigistany 1992-nji ýyldan bäri dolandyrýan Rahmony howpsuzlyk güýçlerini, sud ulgamyny,häkimiýetiň beýleki ugurlaryny opponentlerini ýekirmek we başga pikirlileri basyp saklamak üçin ulanýandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG