Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus sudy žurnalist Abdulmumin Gajyýewiň deslapky tussaghana möhletini uzaltdy


Abdulmumin Gajyýew
Abdulmumin Gajyýew

Orsýetiň Dagystan sebitiniň sudy žurnalist Abdulmumin Gajyýewiň deslapky tussaghana möhletini uzaltdy, ol terrorçylygy maliýeleşdirmäge “gylawlandyrmakda” aýyplanýar.

Mahaçgalanyň Sowet etrabynyň sudy 15-nji oktýabrda Gajyýewň 13-nji noýabra çenli tussaghanada saklanmagy barada karar çykardy. Gajyýewiň kärdeşleri iýunda, tussag edileninden gysga wagt soň, onuň galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda tussag edilendigini aýdyp, ýerli neşirleriň üçüsiniň baş sahypasynda makala çap etdiler.

Dagystandaky garaşsyz “Çernowik” hepdeliginiň žurnalisti Gajyýewe bildirilen aýyp başga bir güman edilýäniň beren görkezmesine esaslanýar, soň ol adam polisiýanyň bu görkezmäni gynag astynda alandygyny aýtdy.

Sülçüler Gajyýewi başda, hamala, “Yslam döwleti” we beýleki terror toparlary bilen ilteşikli sahawatçylyk guramalaryna pul ibermekde aýypladylar. Ol bu aýyplamalary ret etdi.

Bu aýyplamalar soňra terrorçylygy maliýeleşdirmäge gylawlandyrmak aýyplamasy bilen çalşyryldy we Gajyýew ony hem ret etdi. “Çernowik” neşiriniň binasy 2-nji oktýabrda ýüzi perdeli polisiýa ofiserleri tarapyndan döküldi we bu ýagdaý halkara hukuk toparlary, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy wekili Harlem Desir tarapyndan berk tankyt edildi.

SRG guramasy rus häkimiýetlerini Gajyýewi derhal azat etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG