Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri ak ata atlanyp, ýurduň iň beýik dagyna çykdy


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un ata atlanyp, ýurduň iň beýik dag belentligine çykdy. Döwlet mediasy 16-njy oktýabrda onuň ak atly 2750 metr belentlikdäki Paektu dagyna çykan suratlaryny çap etdi.

Kimiň kömekçileri demirgazyk koreýa lideriniň “beýik operasiýa” planlaşdyrýandygyna ynanýarlar diýip, döwlet mediasy anyklaşdyrmazdan habar berdi.

Suratlarda gözi äýnekli, egnine goňras palto geýen Kimiň garly daglaryň üstünden at çapdyryp barşy görünýär.

"Onuň at üstünde Paektu dagyna çykmagynyň koreýa rewolýusiýasynyň taryhynda örän uly ähmiýeti bar” diýip, döwlet habar gullugy habar berdi.

Kim öňki ýyllarda hem möhüm kararlary kabul etmezinden öň daga çykypdy; mysal üçin, 2013-nji ýylda ol öz daýysyny jezalandyryp öldürmezinden öň, 2017-nji ýylyň aýagynda Demirgazygyň iň uly yklymara ballistik raketasyny atmazyndan öň, ýa-da 2018-nji ýylda Günorta Koreýa we Birleşen Ştatlar bilen diplomatik gatnaşyklara girmezden öň dag başyna çykdy.

Kimiň suratlary we aýdan sözleri ýurduň ABŞ bilen başlan ilkinji ýadro gepleşikleri ýedi aýdan gowrak wagt içinde synandan birnäçe gün soň çap edildi.

Ol ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Wýetnamda bolan ikinji sammitinde, öz esasy ýadro toplumyny sökmeginiň öwezine, Waşingtondan agyr sanksiýalaryň käbirini ýatyrmagy talap etdi.

Tramp muny ret etdi we sammit hiç bir ylalaşyksyz soňlandy. Iki lider biraz soň gepleşikleri dikeltmek ylalaşygyna geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG