Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Türkiýä wekillerini iberýär, Erdogan demirgazyk Siriýada 'hiç wagt' ýaraşman diýýär


Siriýanyň Ras al-Ain şäheri, 15-nji oktýabr, 2019

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, demirgazyk-gündogar Siriýada atyşygy bes etmek talaby bilen, 16-njy oktýabrda öz orunbasaryny, baş diplomatyny we milli howpsuzlyk geňeşçisini Ankara iberýär, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bolsa özüniň “hiç wagt” ýaraşyk baglaşmagy buýurmajagyny aýdýar.

Wise-prezident Maýk Pens bir gün öň özüniň Erdogan bilen 17-nji oktýabrda duşuşjakdygyny aýtdy. Ol Birleşen Ştatlaryň atyşygy bes etmek we gepleşikler esasynda ylalaşyk gurulmagy baradaky talaby barada gürleşer diýip, wise-prezidentiň edarasynyň beýanatynda aýdylýar.

Oňa döwlet sekretary Maýk Pompeo, milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O’Brien hem ýoldaş bolar.

Emma muňa garamazdan, Erdogan Azerbaýjandan yzyna uçanda žurnalistler bilen gürleşip, “Olar bize ýaraşygy jar et diýýärler, biz ýaraşygy hiç wagt jar etmän hem bileris” diýdi.

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

ABŞ delegasiýasynyň sapary Trampyň türk hökümetiniň üç resmisine garşy sanksiýa girizmeginiň we bu ýurduň poladynyň tariflerini artdyrmagynyň iki gün soňundan gelýär.

Demokrat we respublikan kanun çykaryjylar has beter çäklendirýän çäreleri hem görüp biljekdiklerini aýtdylar.

“Biziň teklip edýän sanksiýalarymyz degerli bolar we olar Türkiýe siriýa kürtlerine garşy agressiýasyny bes edýänçä we goşunlaryny öz eýelän ýerlerinden yzyna çykarýança saklanyp galar” diýip, senator Kris Wan Hollen (Chris Van Hollen (Demokrat-Mariland) aýtdy.

Senator Lindsey Graham (Republikan-Günorta Karolina) bolsa, kanun çykaryjylar bu kanun taslamasy bilen 17-nji oktýabrda tanyşdyrar diýdi.

Tramp geçen hepde türk serhediniň golaýynda kürtleriň eýeleýän ýerlerinden goşun çykarýandygyny yglan etdi we we beýanatda Birleşen Ştatlar Ankara tarapyndan planlaşdyrylan goşun girizmä gatyşmajakdygyny aýtdy.

1 müň çemesi amerikan esgeri türk goşunlarynyň 30 kilometr çuňluga aralaşýan bufer zonasyny gurjak ýerlerinden çekilip, başga ýerde ýerleşdirildi. Türk güýçleri Siriýanyň kürtleriň ýolbaşçylygyndaky Demokratik güýçlerini serhetýaka sebitinden çykaryp, ol ýerde 2 milliona giolaý siriýaly bosguny ýerleşdirmekçi bolýar.

Türkiýe Siriýanyň Demokratik güýçlerini, iň uly milisiýa toparyny terrorçy gurama hasaplaýar.

Kürt güýçleri ahyr netijede Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçleri bilen dil tapyp, özleriniň türkleriň ýolbaşçylygyndaky güýçlerden goralmagyny gazanmaga çalyşdylar.

Orsýet hem öz gezeginde, Ankaranyň hüjümini güýçlendirmegi netijesinde,türk we siriýa güýçleriniň arasynda çaknyşyk bolmagyna ýol bermejekdigini aýtdy.

Bu hili gapma-garşylyk düýpden kabul ederliksiz bolar diýip, Kremliň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentew 15-nji oktýabrda, Birleşen Arap Emirliklerine sapara baranda aýtdy. “Biz beýle zadyň bolmagyna ýol bermeris” diýip, ol aýtdy.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens
ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Kelli Kraft Waşingtonyň rus patrollaryndan “düýpli alada galandygyny” aýtdy.

Şu aralykda rus prezidenti Wladimir Putin 15-nji oktýabrda Erdogana telefon etdi we ony Siriýa barada gürleşmek üçin Kremle çagyrdy.

“Bu çakylyk kabul edildi” diýip, Kremliň beýanatynda aýdylýar.

Orsýet Assadyň esasy harby ýarany bolup durýar, Moskwa 2015-nji ýyldan bäri bu ýurtda goşun saklaýar.

Siriýa Demokratik güýçleri Siriýadaky “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy göreşde ABŞ-nyň esasy ýarany boldy. Günbatar ýurtlaryna YD-yny ýok etmäge kömekleşdende 11 müň çemesi kürt wepat boldy.

Türk hüjümleriniň ilkinji hepdesinde Siriýa Demokratik güýçleriniň 150-den gowrak söweşijisi öldürilse, Türkiýe tarapyndan goldanylýan siriýa toparlaryndan 130 söweşiji öldürildi diýip, Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy habar berdi. Şeýle-de bu gurama bu hüjüm mahalynda Siriýada azyndan 69 siwiliň, asuda adamyň öldürilendigini aýtdy.

Türk resmileri özleriniň 6 esgeriniň wepat bolandygyny, serhetden aňyrdan atylýan minomýot oklarynyň azyndan 20 türkiýelini öldürendigini aýtdylar.

Azyndan 190 müň adam demirgazyk Siriýadaky öýlerinden gaçdy diýip, Halkara migrasiýa guramasy aýtdy.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG