Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti noýabrda Italiýa sapar etmekçi bolýar


Italiýan premýer-ministri Matteo Renzi (ç) türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy garşy alýar. Rim, 4-nji maý, 2015.
Italiýan premýer-ministri Matteo Renzi (ç) türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy garşy alýar. Rim, 4-nji maý, 2015.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň noýabrynda Italiýa sapar etmekçi bolýar diýip, “Trend” habar gullugy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp aýdýar.

Bu mesele türkmen delegasiýasynyň Italiýa eden sapary mahalynda gozgaldy.

Türkmen delegasiýasyna daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi, ol Italiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano bilen gepleşik geçirdi diýip, habarda aýdylýar.

Duşuşyk wagtynda syýasy, diplomatiýa, söwda, ykdysady we medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de neşir türkmen prezidentiniň sapary wagtynda Milanda bilelikdäki biznes forumyny geçirmek hakynda pikir alşylandygyny belleýär.

Taraplar ýangyç we energiýa, söwda, transport we kommunikasiýa toplumlary, oba hojalygy pudaklary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini nazarda tutýarlar.

XS
SM
MD
LG