Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýedi banky alabaý itleri jemgyýetini döretmegiň esaslandyryjysy etdi


Gulagy, guýrugy kesilen güjük

Türkmenistanda alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgi işini ösdürmek we olary köpeltmek üçin hojalyk jemgyýeti döredilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 16-njy oktýabrda gol çeken kararyna laýyklykda, ýurduň ýedi banky Ahal welaýatynyň “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde gatnaşar.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident BerdimuhamedowMerkezi banka,Döwlet ösüş bankyna, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyna, “Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankyna, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna, “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna bu hojalyk jemgyýetine her biriniň esaslyk maýadaky paýy 12,5 göterim möçberinde paýly gatnaşmagyna ygtyýar berdi.

Bu kararyň milli mirasy gorap saklamak maksady bilen kabul edilendigi aýdylýar.

Haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar we Azatlygyň habarçylary türkmen paýtagtynda geçirilýän arassalaýyş işleriniň çäginde eýesiz itleriň we pişikleriň yzygiderli we uzak wagt bäri gynalyp öldürilýändigini habar berýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG