Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidentiniň dogany özüniň bikanun diňlenendigini aýdyp, türme möhletine başlady


Hossein Fereidoun dogany Hassan Rohani bilen.
Hossein Fereidoun dogany Hassan Rohani bilen.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň korrupsiýa aýyplamalary esasynda 5 ýyl türme tussaglygyna höküme edilen dogany türme möhletine başlap, özüne berlen jezanyň “bikanun” gep diňlemäge esaslanýandygyny aýtdy.

Hossein Fereidounyň aklawçysy öz müşderisiniň 16-njy oktýabrda 15 gün ozal berlen türme möhletine başlamak üçin Tährandaky Ewin türmesine girendigini aýtdy.

Fereidoun öz türme möhletine başlamagy bilen bagly çap edilen ýazgyda özüniň bikanun iş edendigi barada aýdylýanlary ret etdi, ol berk liniýalylary özüni biabraý etmäge synanyşyp, “prezident edarasy bilen edilen gürrüňleri bikanun diňlemekde” aýyplady.

Rohaniniň baş geňeşçisi bolan Fereidoun 2017-nji ýylda tussag edildi we girew goýmak esasynda derrew azatlyga çykdy. Ol uzaga çeken korrupsiýa aýyplamalarynda aýyplanýar.

Maliýe-korrupsiýa aýyplamalarynda aýyplaýan konserwatiwler onuň türmä basylmagyny talap edýärler. Şikaýat sudy oktýabryň başynda Fereidouna berlen ýedi ýyl türme möhletini 5 ýyla çenli azaltdy.

XS
SM
MD
LG